• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Aşgabadyň Dokma toplumy ýumşak oýnawaçlaryň görnüşini köpeldýär

  12.07.2020

Aşgabadyň Dokma toplumyndaky önümçilik «Diňe ýokary hilli harytlar» diýen ýörelgä eýerilip alnyp barylýar. Geçen ýyl bu ýerde çagalara niýetlenip, ýörite ýumşak oýunjaklar bölüminiň işi hem ýola goýuldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Häzirki günlerde ýasalýan oýnawaçlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Çagalaryň göwünsöýen multfilmleriniň gahrymanlarynyň şekiljiklerini ýasamak bilen, hem-ä körpeleriň göwni göterilýär, hem-de galyndysyz önümçilik ýola goýulýar. Çünki ýumşak oýnawaçlar el süpürgiçleriň galyndy-kesindilerinden öndürilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň «Juki» kompaniýasynyň enjamyndan ýerlikli peýdalanýan dokmaçylar bezegleriň täze görnüşlerini oýlap tapýarlar we harytlaryň bezegini baýlaşdyrýarlar. Dokma toplumy önümlerini «ADT», ýagny «Aşgabat dokma toplumy», «Goza», «Wada» diýen haryt nyşanlary bilen halkymyza hödürleýär.

Ýylyň başynda dokmaçylar öndürýän el süpürgiçlerini «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen nyşan bilen bezemegi-de ýola goýdular.