• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Aşgabadyň pagta kombinaty paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny taryhy bilen tanyşdyrýar

  27.04.2021

Paýtagtymyzdaky iň gadymy dokma kärhanasy bolan Aşgabat pagta fabrigi, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli öz taryhy bilen tanyşdyrmak maksady bilen önümçilik bölümlerine gezelençleriň tapgyryny gurady.

Aşgabat pagta fabrigi Türkmenistanyň senagatlaşdyrylmagynyň başlangyjyny goýdy. Onuň gurluşygy 1927-nji ýylda başlandy we iki ýyldan kärhana işe girizildi. Kombinat Reutow egriji fabrigiň binýadynda guruldy we Russiýanyň Wladimir we Iwanowo-Woznesenskiý sebitleriniň dokma kärhanalaryndan kärendesine alnan enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Işlemek üçin torf (kärhana ilkibaşda torf ýangyjynda işleýärdi) Russiýadan Reşetnikow torf öndürijilerinden getirilýärdi. Türkmenistanyň täze döreýän dokma senagaty üçin ilkinji hünärmenler zawod açylmazdan ozal taýýarlanylyp başlandy.

1930-njy ýyla çenli zawodda eýýäm 547 adam işleýärdi, üstesine-de, hünärmenleri taýýarlamak we tejribe alyşmak, inženerleri, elektrik montýorlary, çelnoçnikleri, ussalary we tehnikleri taýýarlamak üçin Reutow egriji fabriginiň hünärmenleri yzygiderli çagyrylýar. Türkmen ýaşlaryna sapak beren ilkinji mugallymlar K.Budalowa, Lalelşikowlar, W.Bulkina, N.Kazakow, W.Harybin, K.Hromowa we başgalar.

Beýik Watançylyk urşy döwründe zawodda işleýän erkekleriň aglabasy fronta gitdi, olaryň ýerini bolsa aýallar tutdy. 1942-nji ýylda zawoddaky 1133 işçiniň 800-si aýaldy. Tylyň mynasyp zähmetkeşleriniň atlary kombinadyň taryhyna ýazyldy: A.Rakowa, A.Ýeronina, A.Şeluhina, S.Pogorelçuk, P.Boçkarew, H.Petrowskaýa, K.Nuştaýewa, M.Mamedow, A.Annamuradow. Meýilnamany kadadan iki esse artyk ýerine ýetirmek bilen birlikde, olar täze gelenleri taýýarlamagy hem dowam etdiler. Kärhana fronta zerur bolan matalaryň täze görnüşlerini öndürip başlady. 1943-nji ýylda kombinadyň wekilleri onuň direktory D.Saparmuhammedowanyň ýolbaşçylygynda janlaryny howp astyna salyp, Ladoga kölünden geçip, gabawda bolan Leningradyň goragçylaryna sowgat gowşurdylar.

1948-nji ýylda bolan weýrançylykly ýer titremesi sebäpli kombinata uly zeper ýetdi: enjamlar ýumruldy we zaýalandy, köp sanly egriji maşynlar esasyndan çykdy. Zawod üç aý töweregi işlemedi. Dikeldiş işlerinde Iwanowo we Moskwa sebitlerinde dokma kärhanalarynyň inženerleri we mehanikleri, şeýle hem Daşkent dokma fabrigi uly kömek etdi. Gysga wagtyň içinde zeper ýeten enjamlar abatlandy we 1949-njy ýylda zawod gaýtadan işläp başlady.

Aşgabat dokma fabrigi häzirem işini dowam edýär. Häzirki wagtda onda nah ýüplügi, jorap önümleri, sintepon öndüilýär.