• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Aşgabatda täze ýerli aýakgap we egin-eşik dükanlary açyldy

  16.09.2020

Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň 3-nji jaýynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky 5 sany ýöriteleşdirilen dükan açyldy.

Dükanlarymyzda soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn almak mümkindir. Olaryň hatarynda “Nusaý”, “Gala”, “Bürgüt”, “TG Aýakgap”, “Altyn asyr” ýaly haryt nyşanly ýokary hilli önümlerimiz bar.

Ilata hödürleýän önümlerimiz ekologik taýdan arassa bolup, bu dükanlardan erkekler üçin egin-eşikleri, zenanlar üçin dürli görnüşli matalary, çagalar üçin bolsa çaga eşiklerini satyn almak bolýar.

Dokma önümlerimiz milli bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ilatyň möwsümleýin zerurlygy göz öňünde tutulyp, işlenilip düzülýär.

“TG Aýakgap” dükany tebigy deriden içerki aýakgaplaryň birnäçe görnüşini öndürýär.