• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

​Babadaýhan etrabynda täze dokma toplumy işe girizildi

  18.11.2021

17-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, täze dokma toplumynyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň maýynda badalga berildi. Taslama «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirildi.

Ahal welaýatynyň çäginde ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň iri kärhanalarynyň birnäçesi — Gökdepe, Gypjak, Ruhabat dokma toplumlary we birnäçe egriji hem tikinçilik kärhanalary ýerleşýär. Bu kärhanalarda tebigy çig mal bolan pagtadan we ýüpekden matalar taýýarlanylýar.

Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 151 million 800 müň dollaryna deň boldy. Kärhananyň doly önümçilik infrastrukturasyna egriji, boýaýjy, tikin hem-de dokma kärhanalary degişlidir. Toplumyň umumy meýdany 20 gektara deň bolup, onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda 3300 tonna ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr boýalan matalary we 3 million 500 müň taýýar tikin önümlerini öndürmäge ýardam edýär.

Önümçilik desgalaryndan başga-da toplumyň çäginde iki gatly dolandyryş binasy, ammarlar, transformator bekedi, ussahana, ýangyn howpsuzlygy binasy, şeýle hem 450 orunlyk naharhana, 16 orunlyk iki myhmanhana we sport meýdançasy ýerleşýär.

Kärhananyň önümçilik desgasy Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir.