• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

«Bedew» jinsileriniň görnüşleri köpelýär

  12.07.2020

Türkmenistanyň jinsi toplumynda her ýyl müňlerçe tonnalyk jinsi önümleri öndürilýär. Dünýäniň 15 döwletine mata we taýýar tikin önümleri eksport edilýär. Dürli galyňlykda dokalýan jinsi matalary gök, gara, ýaşyl we goňur reňklere boýalýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde edilýän işler barada toplumyň baş direktorynyň orunbasary Myrat Annamämmedow gazetiň habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

― 200 adamdan ybarat egriji fabrigimizde ýüplükleriň ençeme tonnasy öndürilýär. 1680 hem-de 5040 aýlaw çişlerinden ybarat bolan egriji enjamlarda öndürilýän dürli belgili ýüplükler ýokary hilli jinsi matasynyň esasy çig maly bolup hyzmat edýär. Ýüplükleriň berkligine, inçeli-ýogynly görnüşlerine aýratyn üns berýän egriji hünärmenlerimiz taýýar önümi sapagyň belgisini, aýlawyny, berkligini anyklaýan barlaghana geçirýärler. Barlagyň netijesinden soň ýokary hilli ýüplükler toplumymyzyň dokma fabrigine gelip gowuşýar.

Jinsi matasyny öndürýän fabrigimizde «Sulzerruti» markaly dokma enjamlarynyň 80-si we «TSUDOKOMA» enjamynyň 16-sy hünärmenlerimiziň erjelligine tabyndyr. Ýaponiýanyň iň kämil tehnologiýasy hasaplanýan bu enjamlara ussatlyk bilen erk edýän dokmaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen bu ýerde jinsi matasynyň dürli galyňlykdaky görnüşleri dokalýar.

Ýeri gelende aýtsak, «Bedew» haryt nyşanly jinsi önümleri dünýä döwletlerine hem eksport edilýär.