• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Bereketli tikinçiler ýokary ösüşleri gazanýarlar

  28.04.2024

Balkan welaýatynyň Bereket etrap merkezindäki Tikin fabrigi ýylyň-ýylyna ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýan kärhanalaryň biri. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümindäki bu öňdebaryjy kärhananyň tikinçileri milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 150 orunlyk kärhanada çeper elli agzybir tikinçileriň uly topary tutanýerli zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki yhlasly işi netijesinde bu ýerde şu ýylyň geçen üç aýynda ýokary ösüşler gazanyldy. Kärhanada degişli meýilnama 123 göterim berjaý edildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli derejede artykdyr. Häzirki wagtda ussat tikinçileriň ösen tehnologik enjamlarda öndürýän önümleri ýokary hil derejesi, özboluşly tikin aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Taýýar çeper tikin önümleri durmuş-önümçilik maksatly edaralardyr kärhanalaryň, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, guramalaryň sargytlary esasynda sarp edijilere yzygiderli ugradylýar.

Habaryň resmi çeşmesi