• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Daşoguz pagta egiriji kärhanasynda bäş dürli ýüplük öndürilýär

  12.07.2020

Daşoguz şäherindäki pagta egriji kärhanasynyň işçi-hünärmenleri şu ýylyň alty aýlyk meýilnamasyny artygy bilen berjaý etmek, şanly baýramçylygymyza toý sowgadyny taýýarlamak maksady bilen önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ýokary netijeler görkezýärler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Dünýäniň iň kämil hem ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrylan bu kärhanada mata önümçiligine zerur bolan ýüplügiň öndürilişi barha artýar. Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölekleriniň häzirki zaman nusgalarynyň biri bolan fabrikde täzeçe işlemegiň kämil tejribesi emele geldi.

Kärhanada ýüplügiň HM-17, 20, 27, 34, 12 görnüşleri öndürilýär. Olar ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar hem-de sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar.

Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige dünýäniň bu ugurda uly meşhurlyk gazanan firmalarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy.