Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginde ýylyň ilkinji günlerinden başlap çagalar hem-de uly ýaşly adamlar üçin iň täze biçüwde egin-eşikleriň täze görnüşi tikilip başlandy. Bu ýerde geçen ýylda jemi 11 million 112 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, ýyllyk meýilnama artygy bilen berjaý edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Döwrebap tikin enjamlarynyň sazlaşykly işledilmegi, işleriň göwnejaý guralmagy netijesinde, önümçiligiň ähli ugurlary boýunça 159 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý adam işleýär.
Häzirki wagtda fabrikde 100-den gowrak görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bazar gatnaşyklarynyň barha giňeýän döwründe işleri täzeçe guramak, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin oňaýly şertleri döretmek önüm öndürilişini ýokarlandyrmaga, ýokary islegli önümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şonuň üçin-de her bir tikin önüminiň hil derejesine aýratyn üns berilýär.
Geçen ýylyň dowamynda fabrik boýunça ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy. Häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze görnüşli egin-eşikler, öý hojalygy üçin zerur bolan ýorgan-düşekler we beýleki tikin önümleri üçin dürli ýerlerden gelýän buýurmalaryň hem ýüztutmalaryň sany artdy.
Bu ýerde döwrüň ruhunda döredijilikli işlemäge ähli şertler döredilen. Ýokary önümçilik netijesini gazanmak, dürli görnüşli tikin önümlerini öndürmek üçin fabrikde önümçilik-tehniki, guramaçylyk işleri düýpli geçirildi. Kärhana doly döwrebaplaşdyryldy, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän iň kämil tehnologiýalar ornaşdyryldy.
«Çeper» tikin fabriginiň binasynda «Altyn asyr» atly ýörite dükan açyldy. Bu ýerde kärhanada bölek satuw üçin täze biçüwde tikilen önümleriň dürli görnüşleri, şeýle-de, pudagyň beýleki kärhanalarynda öndürilen dokma önümleri satylýar. Ýyllyk meýilnamasyny artygy bilen berjaý eden kärhananyň zähmet ýeňşi çeper elli tikinçileri täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar.