• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Dokma Önümçiligi

  22.05.2020

Dokma ulgamy boýunça bimäçe iri senagat düzümleriniň «çig mal - taýýar önümler» ýörelgesiniň çäklerinde işlemegi bu usulyň has netijelidigini görkezdi. Özleriniň mümkinçilikleri boýunça täsin bolan, Merkezi Aziýa sebitinde iri kärhanalar hasaplanylýan Ruhabadyň dokma toplumy, Aşgabadyň dokma toplumy, «Gap-Türkmen» ýapyk gömüşli paýdarlar jemgyýeti, Türkmenbaşy dokma toplumy, Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy, Gypjakdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy, Baýramalynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy we Aşgabadyň panbarhat fabrigi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu kärhanalar eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bilen, ýurdumyzyň içerki bazarlaryny hem doly üpjün edýär.

Ýokary hilli dokma önümleriniň çykarylyp başlanmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikin we örme ulgamlarynyň ösnmegine, içerki bazary owadan hem-de ýokary hilli önümler bilen doldurmaga kuwwatly itergi berdi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, «Türkmenisianda öndürildi» diýen belgili önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we gömüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Tikin önümçiligi möhüm ugurlaryň biri bolmak

bilen, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösmeginiň esasy şertidir. Çig maly gaýtadan işlemegiň tamamlaýjy tehnologik tapgyryny düzýän bu ugur gönüden-göni ilatyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň diýen ýaly, şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Aşgabadyň «Ahal», Daşoguzyň «Çeper», Marynyň «Ýeňiş», şeýle hem Türkmenabadyň tikin fabrigi ýaly ýurdumyzyň iri tikin kärhanalarynyň düýpli durky täzelendi we döwrebaplaşdyryldy. Netijede, tikin we örme önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmaga, görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda dürli edaralar üçin ýörite eşikleri, sport lybaslarynyň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik döredi.

2016-njy ýylyň fewral aýynda Aşgabadyň nah mata kombinatynyň binýadynda ýyllyk kuwwatlylygy 2,5 million jübüde deň bolan jorap önümlerini öndürýän seh işe girizildi. Jorap önümçiliginm ösdürilmegi ilatymyzy zerur bolan harytlar bilen üpjün etmek wezipeleri bilen şertlendirilendir.

Aşgabadyň Modeller öýüniň dizaýnerleriniň işleri, ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bellidir. Türkmen gyzlarynyň sergilerde we beýleki ýöriteleşdirilen çärelerde görkezýän ajaýyp keteni, panbarhat, ýüpek matasyndan taýýarlanylan lybaslary bu ugurda işleýän daşary ýurt ussatlaryny haýran galdyrýar. Biziň dizaýnerlerimiziň milli lybaslary taýýarlamagyň gadymy ýörelgelerini hem-de häzirki zaman meýillerini peýdalanyp ýerine ýetirýän işleri ýurdumyzda öndürilýän matalaryň diňe bir ýokary hiliniň iň gowy mahabatlandyrmasy bolman, olaryň özboluşlylygyny, şeýle hem islendik ýerde aňsatlyk bilen tanalýandygyny aýdyň görkezýär.

2016-njy ýylda Aşgabadyň Modeller öýüniň binýadynda ýyllyk kuwwatlylygy 23 müň sana deň bolan jemper öndürýän örme sehi işe girizildi.

Dokma pudagynyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugry ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde sport lybaslary taýýarlamak bolup durýar. Türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin degişli nyşanlary we milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleriň öndürilmegi muňa mysal bolup durýar.

Sport lybaslary taýýarlanylanda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we oňaýly matalaryň ulanyImagy esasy talap bolmagynda galýar. Bu önümler Ruhabadyň dokma toplumynda çykarylýan nah we garyşyk matalardan. Gypjakdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky toplumynda, Gökdepäniň Tilrkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynda, Aşgabat dokma toplumynda, Tiirkmenbaşy dokma toplumynda, «Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem «Ahal» we «Bahar» tikin fabriklerinde degişli nyşanlar bilen lybaslaryň taýýarlanylandygyny bellemeli.