• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Dokma senagaty ministrliginiň iki kärhanasy AGPJ öwrüler

  19.07.2021

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Mary dokma fabriginiň we «Türkmendokma» daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, olar açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerine öwrüler. Bu barada wise-premýer Ç.Gylyjow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda aýtdy.

Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Bu çäreler “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, amala aşyrylýar.

Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhana bolup, olaryň 16-sy paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýär.