Döwrebap lybaslary tikmekde dizaýnerleriň arasyndaky bäsleşigiň jemi jemlendi
7-nji maýda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap lybaslary tikmekde dizaýnerleriň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik iki ugur ― «Baýramçylyk we gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy» hem-de «Sport egin-eşikleriniň kolleksiýasy» boýunça geçirildi. Bäsleşige paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan dizaýnerler gatnaşdylar. Dizaýnerleriň taýýarlan lybaslarynda milliligiň döwrebap öwüşginler bilen sazlaşygyna aýratyn üns berildi. Emin agzalaryna milli nagyşlar bilen bezelen gadymy biçüwdäki hem-de has döwrebap görnüşdäki lybaslary görkezildi.
Bäsleşigiň birinji ornuny Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkeziniň dizaýnerleri Ýelena Kalaşnikowa bilen Oraznabat Gulnazarowa eýelediler. Ikinji orna Daşoguz welaýatyndan Gülnar Meredowa we Mary welaýatyndan Maýsa Anzarowa mynasyp boldy. Üçünji orna bolsa Lebap welaýatyndan Faruh Ýagdarow we Aşgabat şäherinden Selbi Ýusubowa saýlanmagy başardylar.