• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

«Gala» haryt nyşanly önümleri üçin täze dükan açyldy

  15.06.2021

Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan «Gala» haryt nyşanly döwrebap önümleriň täze söwda dükany açyldy. Ol Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynda ýerleşip, tikinçilik bölüminde öndürilýän «Gala» haryt nyşanly önümleriň dessine alyjylara ýetirilmegini üpjün edýär.

Täze dükan gökdepeli ýaşaýjylar üçin arassa türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi bilen taýýarlanylýan dürli görnüşli we döwrebap biçüwli harytlary ― uly hem-de kiçi ýaşlylara niýetlenilen egin-eşikleri amatly bahadan hem dessine satyn almaga mümkinçilik berýär. «Gala» haryt nyşanly önümleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň eksport kuwwatyny artdyrmak bilen, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär.

Gökdepe şäherinde açylan täze dükan «Gala» haryt nyşanly önümleriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän söwda dükanlarynyň üstüni ýetirdi.