• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Gaýtadan işlenilen pagtanyň bahalary kesgitlenildi

  19.02.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine beren hasabatyna görä, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8 500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almak meýilleşdirilýär.