• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Geçen hepdede TDHÇMB-de baglaşylan söwda geleşikleriniň netijesi

  19.11.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 543 müň dollaryna deň bolan söwda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy.

Milli manat serişdelerine Gazagystanyň we BAE-niň telekeçileri umumy bahasy 19 müň manat bolan «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde öndürilýän el halylaryny satyn aldylar. Şeýle hem ýerli täjirlere manat serişdelerine pagta süýümi ýerlenildi.

Geçen hepdäniň dowamynda TDHÇMB-de daşary ýurtly telekeçiler tarapyndan dizel ýangyjy, uçar kerosini, aýna önümleri we beýlekiler satyn alyndy.