• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  17.10.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça söwda geleşikleriniň 3-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň işewürleri bolsa jins matasyny, tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 7 million 150 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.