• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  04.02.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda söwda geleşikleriniň 45-si hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 39 million dollaryndan gowrak boldy.

Russiýanyň, Gruziýanyň, Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň işewürler toparynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümi bolan polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ЭКО-93 ýangyjyny satyn aldylar.

Dollar serişdeleriniň hasabyna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine buýan köküniň gury ekstrakty, float aýna listleri we nah ýüplügi ýerlenildi.

Owganystanyň we Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy 757 müň manat bolan nah ýüplügini, ýerli telekeçiler bolsa bahasy ABŞ-nyň 210 müň dollaryna deň bolan portlandsemendi, nebit bitumyny hem-de 3 million 165 müň manat bolan el halylaryny satyn aldylar.