• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

  18.04.2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça söwda geleşikleriniň 5-si hasaba alyndy.

Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli (polotensalar, el polotensalar, hammam prostyny) önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 401 müň dollaryndan gowrak boldy.

Gazagystanyň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 567 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 99 müň 400 dollaryna barabar nah ýüplügi satyn aldylar.