• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Gökdepedäki dokma toplumynyň önümleri dünýä bazaryna çykýar

  12.07.2020

Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumynda çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümleri çykarmaga çenli ähli işler dünýä ülňülerine laýyk, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhanada sahawatly topragymyzda ýetişdirilen pagta häzirki zamanyň kämil tehnologiýalary arkaly ýokary talaplara laýyk gaýtadan işlenilýär, ondan ýüplükleriň, matalaryň dürli görnüşleri, şeýle-de taýýar önümler öndürilýär.

Kärhananyň dürli biçüwdäki köp görnüşli önümleriniň ýörite dükanlar arkaly ilata ýetirilýändigini bellemek gerek. «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgili ýokary hilli önümleriň daşary bazarda-da hyrydary ýetik.