“Güýzki-gyşky lybaslar – 2019” görkezilişi
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň önümleri diňe Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da ekologik taýdan arassalygy, hiliniň ýokarylygy bilen meşhurdyr. Dokma ministrligi pudagy ösdürmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýar, şeýle-de dünýä bazarynyň isleglerni kanagatlandyrmak maksady bilen önümleri öndürmekde iň kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda 75 sany dürli önümleri öndürýän dokma kärhanalary bolup, olaryň 10-sy tikinçilik kärhana, 7-si dokma toplumydyr. Dokma kärhanalary dünýäniň ösen ýurtlary bolan Italiýanyň, Belgiýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Wengriýanyň enjamlary bilen üpjün edilen. Munuň özi ministrligiň garamagyndaky kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň diňe bir ekologiýa taýdan arassa bolan, eýsem, hiliniň hem ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär.2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda “Altyn asyr” harytşynaslyk merkezinde “Güýz – Gyş kolleksiýa – 2019 “ atly dokma önümleriniň görkeziliş dabarasy boldy. Dabarada görkezilen eşikler öz milliligi bilen tapawutlandy. Bu bolsa häzirki zaman, döwrebap biçüwde taýýarlanan lybaslaryň dünýä bazarynda hem mynasyp orun alýanlygyna bolan ynamy döredýär.Lybaslaryň görkezilişinde erkek, aýal we çaga egin-eşikleri görkezildi. Erkekler üçin gyş paslyna niýetlenen lybaslaryň görkezilişinde üstki eşikler, trikotaž önümleri, şeýle-de dürli biçüwli penjekler, zenan lybaslaryndan bolsa, sport üçin niýetlenen hem-de milli äheňdäki egin-eşikler görkezildi.Çagalaryň egin-eşikleri görkezilişe gelen myhmanlaryň ünsini özüne çekdi. Sebäbi çaga eşikleri diňe bir ýagty, owadan reňkleri bilen däl, eýsem, hiliniň gowylygy, çaga bedeni üçin rahatlygy bilen hem tapawutlanýar. Toplumyň hünärmenleri çaga eşikleriniň diňe bir dürli ölçegde bolmagy däl, eýsem, çagalaryň rahat hereket edip bilmekleri üçin bu eşiklere öz zähmedini siňdiripdirler. Çaga eşikleriniň döwrebap görnüşde dikilmegi görkezilişe gelen myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bulardan başga-da, Aşgabat dokma toplumy Täze ýyl baýramy mynasybetli çaga oýunjaklaryny we çagalar üçin arka asylýan sumkalary öndüripdir. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda çykarylan bu önümler eýýäm söwda dükänlarynda alyjylara hödürlenip başlady.“Güýz – Gyş kolleksiýa – 2019 “ atly görkezilişiň dowamynda maşgala üçin niýetlenen egin-eşikler hem görkezildi. Bu tapgyrda görkezilen lybaslar maşgala şertlerinde dynç alanyňda rahatlygy, sport bilen meşgullanylanda oňaýlylygy, şeýle-de owadan we döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.Dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny tapan türkmen trikotažynyň hem bu görkezilişde täze görnüşleri görkezildi. Aýallar üçin žemperler, köýnekler, erkekler hem-de çagalar üçin gyşda hem güýzde geýmek üçin täze görnüşli eşikler myhamanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.Görkeziliş sergisinde ýurdumyzyň we dünýäniň bazarlarynda mynasyp orun tapan “Miras”, “Bedew”, “Gala”, “Ýeňiş”, “Nusaý” ýaly milli haryt nyşanlary görkezilişe hödürlendi.