Marynyň «Ýeňiş» kärhanasy tomus möwsümi üçin täze önümleri hödürleýär
Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik kärhanasy tomus möwsümi üçin nah matadan tikilen erkekleriň we çagalaryň köýnekleriniň 30 sany täze görnüşlerini öndürdi. Şeýle hem çagalar hem-de ýetginjekler üçin niýetlenilen önümlere täzelikler girizilip, olar özboluşly urnalar, nagyşlar, ýakajyklaryň we üstünden goýulýan jübüleriň täze biçüwleri bilen baýlaşdyryldy.
«Ýeňiş» tikinçilik kärhanasynyň önümleri ýokary hilliligi we önümleriniň dürli görnüşliligi bilen tapawutlanyp, ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde kärhana 2 million manatdan gowrak möçberde önüm öndürdi. Kärhananyň önümleri üçin matalar Aşgabadyň «Ruhabat» dokma toplumyndan getirilýär. Dokma toplumynyň dürli we bir reňkli nah matalaryň ýokary hilliligi Marynyň bu tikinçilik kärhanasynyň degişli çig maly daşary döwletlerden getirmek zerurlygyny aradan aýyrdy. Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik kärhanasynyň önümleri 6 sany söwda dükanlarynda alyjylara hödürlenilip, olaryň ikisi Aşgabat şäherinde ýerleşýär.