Milli lybaslaryň sergisi guraldy
15-nji maýda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda paýtagtymyzdaky «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde milli lybaslaryň sergisi we görkeziliş dabarasy boldy. Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu çäre «Zeminiň görki ― zenan» diýip atlandyryldy.
Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzyň ussat dizaýnerleriniň halkymyzyň milli biçüwdäki lybaslaryny döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmak arkaly döreden egin-eşikleri görkezildi. Olar bu baýramçylyk sergisine hem-de görkeziliş dabarasyna gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan şeýle çäreler yzygiderli guralýar. Ýakynda ministrlik tarapyndan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dizaýnerleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» ady bilen yglan edilen bäsleşik hem muňa aýdyň mysaldyr.