• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň dokma toplumynyň işiniň netijeleri hakynda hasabat berildi

  10.10.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9 aýynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylan netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.

Onuň barşynda söwda we dokma toplumynyň ministrliklerinde hem-de edaralarynda, şeýle hem hususy ulgamda 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, dokma senagaty ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň ösüş derejesi 120,2 we 104,7 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriniň önümçiliginde 119,3 göterim, deri önümleriniňkide bolsa 106,1 göterim ösüş gazanyldy.