Pagta ýygymy möwsüminiň ilkinji ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda işler gyzgalaňly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, eýýäm bu möhüm möwsümde «ak altynyň» hasylyny ýygnamakda öňe saýlananlar bar. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň A.Tekäýewa adyndaky daýhan birleşiginiň 8-nji toparynyň kärendeçisi Aýmyrat Agageldiýew 5 gektar ekin meýdanyndan 10 tonna pagta çig malynyň hasylyny aldy. Bu kärendeçiniň şertnamada göz öňünde tutulan borçnamasyndan ýokary görkezijidir. Şeýle hem kärendeçi ekin meýdanyndan ýene-de 2 tonna pagta hasylyny almagy maksat edinýär.
Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň 3-nji toparynyň kärendeçisi Ogulboldy Sapargylyjowa hem şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren daýhanlaryň biridir. Ol öz üstünligi barada:
― Men Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli gymmatly oba hojalyk medeniýetiniň ösmegine goşant goşýandygyma özümi bagtly duýýaryn. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap we Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamada göz öňünde tutulan görkezijini has-da artdyrmak bilen baş baýramymyzy zähmet sowgady bilen garşylamagy maksat edinýärin.
Şertnamada göz öňünde tutulan borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän kärendeçi daýhanlaryň sany gün-günden köpelýär. Şunda daýhanlaryň esasy wezipesi gysga wagtda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmekden we pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Bu olaryň ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna özboluşly sowgady bolar.