Pamyk egriji kärhanada işler ileri
Dünýäniň iň ösen döwletleriniň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli Türkmenabadyň pamyk egriji kärhanasy ýokary hilli nah ýüplügi öndürmeklige niýetlenendir.
Bu ýerde häzirki wagtda dokmaçylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň dokma toplumlary we daşary ýurt sargytçylary tarapyndan ýokary islegden peýdalanýan, taýýar görnüşinde fiziki agramy bir kilograma barabar bolan ýokary hilli, inçeligi bilen tapawutlanýan nah ýüplügiň 34/1 belgili görnüşi öndürilýär. Şu ýylyň iki aýynda önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 104 göterime ýakyn berjaý edilmegi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgininiň hem 100 göterimden geçmekligi kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Egirme fabriginde alyjylaryň ösen islegini kanagatlandyrmaga ukyply daraýjy, egriji, işlenip çykarylan ýüplügi zerur derejede çyglandyryjy we gaplaýjy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümleriň birnäçesi hereket edýär we iş döwründe alnyp barylýan işleriň ählisine kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär. Şeýle hem bu ýerde öndürilýän önümiň hil derejesini kesgitleýän kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana hereket edýär.
Egirme kärhanasynda çig maly fabrige getirmek we taýýar önümleri degişli ýerlere alyp gitmek kuwwatly «Kamaz» kysymly ýük awtoulaglaryň üçüsiniň we «Maz» kysymly ýük awtoulagynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Kärhanada öndürilýän nah ýüplükleriň ýurdumyzyň içerki bazarlaryna hem-de Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Belarus Respublikasy ýaly döwletlere ugradylýandygy önüme bolan islegiň ýokarydygyny, öndürilen önümi ýerleşdirmekde hem işleriň göwnejaý alnyp barylýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda fabrikde işçi-hünärmenleriň 150 töweregi zähmet çekip, işler 3 iş çalşygynda gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz alnyp barylýar. Fabrikde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň işe gatnamaklary üçin ýörite ýolagçy awtoulagy berkidilipdir. Şeýle hem bu ýerde döwrebap naharhana bolup, kärhanada zähmet çekýän işgärler mugt nahar bilen üpjün edilýär. Fabrikde Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan işçileriň arasynda dürli bäsleşikleriň yglan edilmegi we ýeňijileriň höweslendirilmegi, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreleriň guralmagy iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.