TDHÇMB-da geçirilen söwdalaryň jemi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bir hepdäniň dowamynda geçirilen söwdalarda jemi 47 geleşik hasaba alyndy.
Geçen hepde türkmen telekeçileri tarapyndan bahasy 867 müň manatdan gowrak bolan polipropilen ýüplük we el halylary satyn alyndy.
BAE-niň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri tarapyndan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän dürli markadaky benzin, dizel ýangyjy we yşyklandyryjy kerosin bilen bir hatarda Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda öndürilen nebit bitumy we dizel ýangyjy daşary ýurt pul serişdelerine satyn alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy 63 million 544 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Geleşikleriň umumy bahasy 63 million dollardan gowrak boldy.