• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 446 müň dollaryndan gowrak boldy

  16.01.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah matadyr nah ýüplük, erkekler üçin köýnekler, buýan köki we kök baldagy, ýüpek çig maly ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 446 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 28 million 902 müň manatdan gowrak boldy.