• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 214 müň dollaryndan gowrak boldy

  06.11.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matany, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, dokma galyndylaryndan dikeldilen süýümi we egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 214 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 326 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), el halylaryny, jins önümlerini, flanel matany we nah ýüplügi satyn aldylar.