Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde bir aýda 272 tonna ýüplük öndürildi
Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde ýanwar aýynda bu ýerde 272 tonna nah ýüplük öndürildi.
Munuň özi meýilleşdirileninden ep-esli köpdür. Başgaça aýdanyňda, 1 million 894 müň 200 manatlygyň ýerine 3 million 230 müň 200 manatlyk önüm öndürildi.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde geçen ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürildi
Bu kärhana durky täzelenilip, 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizilen kärhana täzeçe işläp başlady. Kämil tilsimatlar ornaşdyrylan döwrebap önümçilik bäsleşige ukyply, ýokary hilli önümleriň buýrujylaryň isleglerini birkemsiz kanagatlandyrmagy üpjün edýär.
Pamyk egriji fabrigiň işçileri dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň has köp möçberde öndürilmegini gazanýarlar. Işçileriň yhlasy siňen önümler ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli meýillerini alyslardaky halklaryň hem kalbyna ýetirýär. Sebäbi fabrigiň önümleriniň 80 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksporta ugradylýar.