• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

​Türkmenabadyň tikinçilik fabrigi 21 million manatlykdan hem ýokary önüm öndürdi

  24.07.2021

Şu ýylyň alty aýynda Türkmenabadyň tikinçilik fabrigi 21 million 61,5 müň manatlyk önüm öndürip, önümçilik meýilnamada göz öňünde tutulanyndan 5 million 221 müň manat artyk ýerine ýetirildi. Alty aý üçin meýilnama 132% ýerine ýetirildi. Kärhanada önümçiligiň depgini ýyllyk meýilnamanyň wagtyndan öň tamamlanjakdygyny görkezýär.

Tikinçilik kärhanasynda önümleriň görnüşleriniň üsti yzygiderli doldurylyp durulýar. Şu günki günde kärhanada 80-den gowrak önüm öndürilýär. Türkmenabadyň tikinçilik kärhanasynda harby lybaslar, ýorgan-düşekler, ulular we çagalar üçin egin-eşikler öndürilýär. Önümler diňe tebigy çig mallardan taýýarlanyp, halkyň arasynda uly islegden peýdalanýar.