• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistan - Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

  07.12.2023

Düýn geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Forumy açmak bilen, oňa gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe boldy. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda yzygiderli artýan söwda dolanyşygynyň möçberi hem şaýatlyk edýär.

Çykyş edenler şu güne çenli gazanylan ylalaşyklaryň uzak möhletleýin esasda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Seljuk Öztürk gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürde demir ýol, awtomobil ýollary we energiýa geçirijileriniň giň ulgamy arkaly ösdürilýändigine ünsi çekdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, bu ýoluň hil taýdan täze derejesi ony özara alyşmagyň köprüsine, sebiti möhüm ähmiýetli söwda merkezine öwrer.

Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň çäklerinde hereket edýän “Türkiýe — Türkmenistan” işewürlik geňeşiniň başlygy Mahmut Er iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemlän şu günki çäräniň tutuşlygyna işewürlik dünýäsi üçin möhüm ähmiýetlidigini belledi. Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygyň binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Soňky ýyllarda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynda iri bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we häzirki wagtda täzeleri durmuşa geçirilýär. Geljegi uly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ýokary gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýän maýa goýum taslamalaryna has işjeň gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.

«Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk iki dostlukly ýurduň işewür wekilleriniň özara bähbitli söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli ulanjakdyklaryny nygtady.

Türkmen tarapynyň wekilleri çykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we gazananlary, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly hyzmatdaşlygyň geljegi barada durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler ony ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmegiň ýörelgelerine berk esaslanmak bilen, örän özüne çekiji bolup durýar. Ykdysady ösüşiň uly kuwwatlyklary nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda, durmuş ulgamynda ägirt uly özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmäge şert döredýär. Bu, gürrüňsiz, türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmak, ilatynyň durmuş derejesi ýokary görkezijilere eýe bolan döwlet hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.

Giň gerimli özgertmeleriň, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ähli ulgamlarda we pudaklarda halkara tejribäniň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlarda, şol sanda kanunçylyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, daşary ýurtly işewürler üçin döwlet kepilligini we ýeňillikleri göz öňünde tutýan täze kanunlaryň işlenilip taýýarlanylmagy bilelikdäki işlere uly itergi berýär. Pikir alyşmalaryň dowamynda, çykyş edenler ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny beýan edip, onuň geljegine oňyn baha berdiler.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätmekde uly mümkinçilikleri döretjek resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň türk kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.