Türkmenistanda dokma önümleriniň täze haryt-nyşanynyň ikisi döredildi
Nobatdaky hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna dokma senagatynyň «Mäne» we «Jeýtun» diýip atlandyrylan täze haryt-nyşanly önümleriniň ikisini hödürledi. Olar Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda ýerleşýän dokma kärhanalarynda öndürilýär. Bu barada «Watan» habarlary gepleşiginde habar berildi.
Bu toplumlarda matalaryň dürli görnüşleri öndürilip, kärhanalaryň önümçilik kuwwaty bir ýylda matalaryň 1 million 200 tonnasyny, tikin önümleriniň bolsa 3 million 300 müňüni öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhanalar geçen ýylda işe girizilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe, Gypjak, Ruhabat ýaly dokma kärhanalarynyň hataryna goşuldy. Bu ýerde tebigy pagtadan we ýüpekden önümleri taýýarlamak üçin ähli şertler ýola goýlandyr.
Garamagyna hödürlenilen nusgalar bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz içerki bazaryň islegini we ilatyň möwsümleýin talaplaryny göz öňünde tutup, dokma harytlarynyň bu täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmalydygy barada belledi. Şeýle hem Prezident Berdimuhamedow ekologiýa taýdan arassa türkmen dokmasynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyny dowam edýändigini nygtady.