Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropa we Aziýa yklymlaryndan bolan ýurtlaryň 20-sine eksport edilýär.
Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropa we Aziýa yklymlaryndan bolan ýurtlaryň 20-sine eksport edilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Ýurdumyzda öndürilen dokma önümlerini esasy satyn alyjy ýurtlar Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Hytaý, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina we Gazagystan bolup durýar. Dokma senagaty pudagy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda 15 sany döwrebap dokma toplumlary guruldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda dokma senagaty pudagyny ösdürmek üçin 2 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýuldy. 2025-nji ýyla çenli bolsa, bu pudagy mundan beýläk hem ösdürmegiň barşynda umumy bahasy 300 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 30 sany taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.