• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanda ýokary hilli penjek-balaklaryň önümçiligi ýola goýuldy

  24.07.2021

Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky dokma toplumynda ýakynda penjek-balaklaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Toplumda häzirki zaman tikin enjamlary bilen enjamlaşdyrylan binanyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen, taýýar önümleriň önümçiligi has artdy. Täez önümçilik hem şol döwrebaplygyň miwesidir. Agzalan bölümde, esasan-da, «Gala» brend nyşanly lybaslar tikilýär.

Toplumda welaýatyň daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilýän «ak altyny» gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli ýüplüklerden başlap, dokma önümlerini taýýarlamakda işçi-hünärmenleriň 1700-den gowragy zähmet çekýär. Önümçilik bölümlerinde oturdylan, ugurdaş kärhanalara niýetlenen häzirki zaman tehnologiýalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde öndürilýän dürli belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedir. Geçen ýyllaryň içinde önümleriň müňlerçe tonnasy ýörite buýurmalar esasynda daşary ýurtlara eksport edildi.