• +993 12 40-71-71
  • info@textile.gov.tm

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepde 9 mln 807 müň dollarlyk geleşik baglaşyldy

  07.06.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, gazagystanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna gazbeton böleklerini we boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 807 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 10 million 250 müň manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.