Türkmenistanyň dokma senagaty halk hojalygynyň ösüşiniň esasy pudagydyr
Döwletimiziň ykdysadyýetiniň çalt we ýokary depgin bilen ösmeginiň esasy ugurlaryny şeýle-de halkara bazarynda türkmen önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýän pudaklaryň biri ýurdumyzyň dokma senagaty bolup durýar.
“Türkmenistanda öndürildi” diýlen ýazgyly dokma önümlerimize häzirki wagtda içerki bazarda däl eýsem daşarky bazarda hem isleg ýokary bolup durýar. Tebigy we ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän önümlerimize islegiň ýokary bolmagy öndürilýän dokma önümleriniň hiliniň yzygider ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
Tejribeli we kämil hünärmenler önümçilik mukdaryny we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, çykdaýjylary azaltmak, önümleriň hilini ýokarlandyrmak üçin täze sanly çözgütleri durmuşa geçirmek ugrunda işleýärler.
Pudagymyzyň işgärleri, global moda tendensiýalaryny we bazar şertlerini yzygiderli gyzyklanmak bilen, daşary ýurtly kärdeşlerimiziň öndürýän harytlaryna bäsdeş döwrebap önümleri öndürmäge mümkinçilik gazanýarlar. Ýurdumyzda köp sanly dokma toplumlaryň we zawodlaryň gurulmagy ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň Dokma senagaty, pagta süýüminden we ýüplükden başlap, tebigy önümlerden taýýar egin-eşiklere we trikotaž önümlerine çenli köp sanly işlere wekilçilik edýär. Pudagymyz dünýä bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen önümleri öndürmekde iň kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň eksport mukdarynyň artmagynda öndürilýän önümleriň döwrebaplygy esasy rol oýnaýar. Türkmen öýlerini bezeýän dokma önümlerine isleg örän ýokary bolup durýar.
Türkmenistanda öndürilýän panbarhat matalary dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. Şuňa meňzeş dokma önümlerimize sarp edijileriň arasyndan isleg ýokary bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerimize Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Şweýsariýa ýaly ösen döwletler bilen bir hatarda dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde isleg ýokarydyr.
Ýakyn wagtda, täze görnüşli matalary, emeli we deri guşaklary öndürmek boýunça tehnologiýalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, alyjylar tarapyndan ýokary islege eýe bolan ýumşak oýnawaçlar we beýleki harytlary öndürmek hem göz öňünde tutulýar.