Türkmenistanyň Dokma senagatynyň zenanlary üçin döwlet bäsleşiginiň welaýat tapgyrlary geçirilýär
Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde dokma senagatynyň zenan işgärleriniň arasynda ýaryşyň sebitleýin tapgyry geçirildi. Bäsleşik Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan gurnalýar.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylar elde nagyş etmek ussatlygyny we gadymy nagyşlaryň gelip çykyşy we olaryň manysy baradaky bilimlerini görkezdiler.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Serdar şäherindäki “Balkandokma” ÝGPJ-niň zenan dokmaçylary Bagtygözel Jommyýewa we Gurbansoltan Maryýewa birinji, Bereket tikin fabriginiň tikinçileri Gunça Seýitmämmedowa we Nurnabat Nurlyýewa ikinji, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň tikin önümçiliginiň tikinçisi Tawus Mollaýewa hem-de biçimçisi Gülälek Gurbanowa üçünji orunlary eýelediler.
Ýeňiji bolanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna çykarlar. Bäsleşikde degişli orunlara mynasyp bolanlara we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň sowgatlary gowşuryldy.