• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Şu ýylyň birinji çärýeginde dokma senagaty pudagynda wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi

  09.04.2021

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garalyp, degişli hasabatlar diňlenildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de Ahal we Balkan welaýatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, Dokma senagaty ministrligi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde nah ýüplügiň önümçiligi 113,2 göterime, nah matalaryň önümçiligi 100,9 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 120,5 göterime, gön önümleriniň önümçiligi bolsa 104,5 göterime barabar boldy. Munuň özi degişli döwürde toplumyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki ýagdaýda bu ulgamlaryň durnukly işlemegini üpjün etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şoňa görä-de her gün emele gelip duran ýagdaýa baha bermek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen bagly degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.