• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrakpile tabşyryldy

  10.06.2021

Döwlet tarapyndan döredilýän giň gerimli hem döwrebap şertler netijesinde ýurdumyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda habar berildi.

Bu ýokary görkeziji pileçileriň öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerinden habar berip, Türkmenistanyň dokma senagatynda we ýüpekçilik pudagynda ösüşleriň gazanylmagynda möhüm ähmiýetli netijäni özünde jemleýär.

Milli Liderimiz 9-njy iýunda geçiren iş maslahatynda hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, hemmeleri, şol sanda welaýat häkimlerini hem-de oba hojalyk toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzda pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilip, ýokary hilli piläniň tabşyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimlerine ýurdumyzyň pile öndürijilerinden kabul edilip alnan piläniň talabalaýyk şertlerde saklanylmagyny hem-de ony gaýtadan işleýän degişli kärhanalarda ýokary hilli ýüpek önümleriniň öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda ýüpekçiligi has-da ösdürmek üçin welaýatlarda tut nahallaryny ekmek işleriniň alnyp barlyşyna aýratyn üns bermek barada görkezme berildi.