• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Dokma pudagyň kärhanalary üçin zerur gerek bolan harytlary üpjün etmek barada halkara bäsleşik

  21.09.2022

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi

tender toparynyň adyndan dokma pudagyň kärhanalary üçin zerur gerek bolan harytlary üpjün etmek barada şu aşakdaky lotlar boýunça HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär:

Lot 1 – Kaustik soda 99%;

Lot 2 – Wodorodyň perekisi 50%;

Lot 3 – Uksus kislotasy 80%;

Lot 4 – Limon kislotasy;

Lot 5 – Boýaglar we olarda goşulýan kömekçi serişdeler;

Lot 6 – Modifisirlenen krahmal we olara goşulýan kömekçi serişdeler;

Lot 7 – Kagyz tegek öndürmek üçin karton kagyzy;

Lot 8 – Kagyz tegeklerini öndürmekde ulanylýan ýelim;

Lot 9 – Poliester süýümi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine görkezilen salgy boýunça degişli resminamalary tabşyrmaly: Türkmenistan, Garaşsyzlyk şaýoly,96, 7-nji gat, Daşary ykdysady aragatnayklar we harytşynaslyk bölümi:

-Bäsleşige gatnaşmak islegi bolan gatnaşyjynyň doly ady, onuň hukuk derejesi we rekwizitlerini görkezilen yazmaça arza berilmeli;

-bäsleşik geçirmekligiň tertibi we oňa gatnaşmak üçin gerek bolan resminamalartyň sanawy bilen tanyşmaly;

-degişli lotlar boýunça gerek bolan harytlaryň ýöriteleşdirmesini we tehniki tabşyrygy almaly;

-bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-yň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny (GBüS hasaba almzadan) tölemeli. Bäsleşige gatnaşmak üçin tölenen pul yzyna gaýtarylmaýar.

Pul serişdeleriniň geçmeli hasaplaşyk hasaby ýazmaça arza tabşyrylan wagtynda beriler. Bäsleşik teklipleri hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri bildirişiň çap edilen senesinden 30(otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär. Bellenilen möhletden soň tabşyrylan teklipler seredilmäge degişli däldir.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-67, 40-71-63