TÜRKMENGALA ETRABYNYŇ SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY PAGTA EGIRME FABRIGI
Esaslandyrlan sene: 1994
Önümler: Ýüplük
- Mary welaýatynyň Türkmengala şäheriniň Täze-ýol köçesiniň 6-njy jaýy
- +993 522-6-02-93
- turkmengalapef@sanly.tm
- www.turkmengalapef.com.tm/
- Resmi web saýty
Goşmaça maglumat
Häzirki wagtda ýüplükleriň №14,17,20,34 görnüşleri öndürilýär. Sarp edijiniň buýrmasy boýunça egirme enjamlary dürli ölçegdäki, ýagny № 10 we 40 aralygynda ýüplükleri öndürip bilýär. Ol dokma hem-de trikotaž önümçiligine niýetlenendir. Pagtanyň 1, 2, 3, 4 sortlarynyň 4-5 süýüm görnüşleri çig mal bolup hyzmat edýär. Pagta süýümi Türkmenistanyň ähli pagta arassalaýjy Zawodlaryndan getirlýär. Getirilen kipler pagta süýüminiň görnüşlerine görä bölünýär. Soňra saýlanylýar we analiz edilýär. Süýümiň uzynlygyna, ýogunlygyna we reňkine görä garyndy döredilýär. Soňra kipler gaplaryndan çykarylýar we görnüşine görä arassalaýyş-daraýyş ugurlaryna goýulýar, olardan ikisi bar.