• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň maý aýynyň 5-däki “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň meseleleri hakynda” karary esasynda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň yzygiderli ýagdaýda bazar ykdysadyýetine çykmagy bilen baglanyşykly dürli pudaklarda we iş ulgamlarynda iň kämil tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara derejelerine we kadalaryna laýyk getirmek babatda öňe sürlen başlangyçlary öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe-senagat toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky işjeňliginiň we ençeme geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak baradaky gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna täze itergi berdi.

Halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy hem-de dokma önümlerini öndüriji hökmünde ýurdumyz özüniň toplan tejribesini, köp pudakly milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän hemmetaraplaýyn goldawy esasynda dokma pudagy ýurdumyzyň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi.

DOKMA TOPLUMY SANLY ULGAMDA

Türkmenistanyň Dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri onlaýn satmak üçin yzygiderli mümkinçlikler döredilýär. Dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde topluma degişli bolan kärhanalaryň resmi web saýtlary arkaly onlaýn söwdalar ýola goýlup başlady.

Onlaýn söwdanyň amatlyklary we usullary kärhanalar tarapyndan doly öwrenilip, şu aşakdaky web saýtlaryň üsti bilen müşderilere ýokary hilli hyzmat edilýär: