• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi

  27.03.2021

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy martda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeri E.Orazgeldiýew welaýatlaryň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler, şol sanda Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda gowaça ekişine girişilendigi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine badalga bermek boýunça möhüm taýýarlyk görülýär.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gowaça ekişine 31-nji martda badalga berler.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Şu ýyl ýurdumyz boýunça ,,ak altynyň’’ 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

Häzirki günlerde oba hojalygy toplumynda ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak we pagtaçy kärendeçileriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça işler sazlaşykly ýola goýulýar.