«Ak altynyň» bereketli hasyly dokma senagatynyň ösüşini kepillendirýär
2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gözegçilik edýän sebitlerinde durmuş-ykdysady görkezijiler, ekin-meýdan işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagtaçylyk pudagynyň sebitiň ykdysadyýetinde hem-de dokma senagatynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz «Ak altynyň» geljekki bereketli hasylynyň ekişiň hiline baglydygy sebäpli, ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hemme tagallalaryň edilmegini talap etdi.