• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

«Batly gadamyň» işewür telekeçileri dürli önümleri öndürýärler

  11.08.2024

Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» hususy kärhanasy içerki, daşarky bazarlaryň sarp edijileriniň arasynda giňden tanalýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň çäginde, Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan möwsümleýin oba hojalyk işleri ýylyň ähli paslynda-da guramaçylykly amala aşyrylýar.

Geçen ýylyň güýzünde bu ýerde şu ýylyň bugdaý hasyly üçin hususy kärhana degişli 11589 gektar ýeriň ýedi müň gektaryna ýokary hilli bugdaý ekildi. Tutuş möwsümiň dowamynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň bir ýüze golaýy daýhanlaryň hyzmatynda bolup, doly güýjünde işledildi. Munuň özi, möwsümleýin işleriň gysga möhletlerde agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini doly üpjün etdi.

Buýsançly dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Günbatar sebit boýunça döwlet harmanyna tabşyrylan 80 müň tonnadan gowrak azyklyk bugdaýyň 21 müň tonnadan gowragyny «Batly gadam» hususy kärhanasy berdi. Agzybir hojalygyň işewür daýhanlary döwlete bugdaý tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamalaryny diňe bir welaýatda däl, eýsem, ýurdumyzda hem ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler.

Döwletimiz tarapyndan hususy pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, olara ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde belent wezipelere abraýly hötde gelinýär. Kärhananyň zehinli hünärmenleri ýüplük hem-de jorap önümlerini öndürmekde-de aýratyn netijelilik görkezýärler. Munuň üçin olar welaýatyň Gyzylarbat etrabynda özleriniň ösdürip ýetişdirýän «ak altyn» hasylynyň belli bir möçberini ýylyň-ýylyna senagat taýdan gaýtadan işläp, hususy kärhanada arzyly, geçginli harytlary, hil nyşanly önümleri öndürýärler.

Häzirki wagtda hususy kärhananyň Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kuwwatly, kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen ýüplük önümçiligi bölüminde köp möçberde tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply ýüplükler taýýarlanýar. Şeýle-de kärhanada öndürilýän ýüplükleriň agramly bölegi daşarky bazarlara ugradylýar.

Hususy kärhananyň ähli bölümlerinde hem işler saz we bökdençsiz guralýar. Germaniýa döwletiniň ýokary tehnologik enjamlary oturdylan boýag bölüminde hem her günde dürli reňklere boýalýan ýüplükleriň umumy möçberi bäş tonnadan geçýär. Olar jorap önümçiliginde giňden ulanylyp, günde 50 müň jübüt jorap öndürilýär. Bu hem ýerli sarp edijileriň taýýar önümlere bolan isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen pagtasyndan öndürilýän jorap we jorap önümleri daşarky bazarlara-da yzygiderli ugradylýar.

Şu günlerde hem «Batly gadam» hususy kärhanasynyň işewür telekeçileri giň möçberli önümçilik işlerini gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler. Häzir olar dört müň gektarda gowaçanyň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen, ýakyn geljekde onuň belli bir möçberini senagat taýdan işlemegi, şeýle-de öňümizdäki pagta ýygymy möwsüminde döwlet harmanyna bol hasyl tabşyrmagy maksat edinýärler.