Daşary döwletleriň işewür toparlary nah ýüplügi satyn aldylar
5 ― 11-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri boýunça hem geleşikler bar. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý baha bilen nah ýüplügi satyn aldylar. Şeýle hem manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 878 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Mundan başga-da, döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt puluna Türkiýäniň hem-de Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, OYR-nyň wekilleri bolsa «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.