• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

Geljegi uly ugur: Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan

  30.08.2024

Häzirki döwürde ulag ulgamynyň ösdürilmegi geosyýasatyň möhüm ugrunyň hatarynda durýar, döwletlere we sebitlere uly ykdysady we syýasy bähbitleri üpjün edýän birleşdiriji kuwwatly serişde bolup hyzmat edýär, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwrebap, ýaýbaňlandyrylan we howpsuz halkara ulag infrastrukturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy gurallarynyň birine öwürmäge gönükdirilen iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň häzirki wagtda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm düzüm bölegi üstaşyr-ulag infrastrukturasyny ösdürmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän ulag gatnawlarynyň halkara ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi üstaşyr gatnawlar ulgamynda pudagyň ägirt uly kuwwata eýedigini öňünden kesgitledi, bu pudaga uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bolsa, ony milli ykdysadyýetiň örän depginli ösýän ugurlarynyň biriniň derejesine çykardy.

Şonuň bilen birlikde, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykalgasy bolan Ýewraziýanyň giň gerimli giňişligini gurşap alýan ulag gatnawlarynyň ýaýbaň, toplumlaýyn, utgaşykly infrastrukturasyny döretmekde iri halka hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän orny yzygiderli ýokarlanýar.

Häzir biziň ýurdumyz «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeldýär, halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşyp, halkara forumlarda, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny işjeňleşdirmek, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.

Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny görkezmek bolar. Hususan-da, üstaşyr gatnawlar üçin döwrebap infrastrukturanyň bardygyny nazarda tutup, bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleriň has netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Bu babatda «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýolunyň uly orun eýeleýändigi nygtaldy. Ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has tygşytly demir ýol ugry bolup, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýär. Şundan ugur alnyp, ýokary derejedäki türkmen-eýran duşuşygynda birnäçe oňyn başlangyçlar öňe sürüldi. Şol başlangyçlar bu demir ýoluň işjeňleşdirilmegi bilen birlikde, ýük daşamalaryň möçberiniň hem artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Şonuň bilen birlikde, geljekde bu ugry netijeli ulanmak maksady bilen, Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada başlangyç beýan edildi. Geljegi uly boljak bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň doly derejede hereket etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açyp, onuň yklym ähmiýetli iri logistika merkezi derejesinde ykrar edilmegine ýardam eder. Mundan başga-da, bu ädim ähli taraplar üçin strategik ähmiýetli bolan bu pudakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir, sebitiň çäklerinde giňden we halkara derejesinde ýakynlaşmaga kuwwatly itergi berer.