Magtymguly etrabynyň tikinçileri ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar
Döwletli Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň dokma senagaty pudagynda ösen hil derejesinde öndürijilikli zähmet çekip, belent maksatlara abraý bilen hötde gelýän göreldeli kärhanalaryň hatary bu gün has-da artýar.
Şeýle öňdebaryjy toplumlaryň biri-de, ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasydyr.
Ýokary önümçilik görkezijilerine eýe bolýan bu agzybir kärhana gysga taryhy döwrüň içinde dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşuldy. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de tikinçileriň yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde önümçilik meýilnamalary hemişe artygy bilen üstünlikli berjaý edilýär. Kärhanada geçen hasabat döwürde içerki sarp edijilere ýetirilen önümleriniň möçberi ep-esli derejede ýokarlandy.
Häzirki zaman dünýäsiniň kuwwatly tehnologiýalarynyň, kämil işläp taýýarlamalarynyň eýeleri bolan ussat tikinçiler buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen sekiz aýynda guwandyryjy önümçilik görkezijilerini gazandylar. Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe önümçilik meýilnamasyny has-da artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Şu günlerde bolsa kärhananyň agzybir tikinçileridir hünärmenleri iş depginlerini barha ýokarlandyryp, taýýarlaýan dürli biçüwli, göze gelüwli, ýaraşykly önümleriniň möçberini has-da artdyrýarlar. Munuň özi, zähmetsöýer tikinçileriň mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýandyklaryna şaýatlyk edýär.