• +993 12 40-71-71
  • kabulhana@textile.gov.tm

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 60 million 939 müň dollaryndan gowrak boldy

  19.08.2024

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Omanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi, şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň hem-de Gonkongyň telekeçilerine pagta linti, erkek adam köýnekleri, jins önümleri we matalary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 60 million 939 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 125 müň manada deň bolan float aýnasyny we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.