Türkmenistanda täze ýylyň öňýanynda söwdalar gyzgalaňly barýar
Täze 2024-nji ýylyň gelmegine bary-ýogy 10 gün galdy. Häzir tutuş ýurdumyz boýunça täze ýylyň öňýanyndaky söwdalar gyzgalaňly häsiýetde barýar.
Bazarlar we söwda nokatlary azyk hem-de oba hojalyk önümleriniň bolçulygy bilen begendirýär. Baýramçylyk söwdalary ter miweleri, gök önümleri, peýnirleri, şöhlatlary we deňiz önümleriniň tagamlaryny hödürleýär. Täze ýyl desterhanynyň esasy tagamy bolsa etden we guşlardan taýýarlanylan gyzgyn naharlar bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri et önümleriniň islendik görnüşlerini hödürleýärler.
Tejribeli öý bikeleri gaplanan miweleri – gök nohutlary, mekgejöweni, noýba dänelerini, zeýtuny öňünden satyn alyp goýýarlar. Şol önümler bolmasa, täze ýylyň esasy işdä açarlarynyň hiç biri ýerine düşmez. Şeýle hem duzlanan we marinadlanan önümler satyn alynýar. Bu önümiň köp görnüşleri ýurdumyzyň ähli söwda nokatlarynda hödürlenilýär.
Dürli arçalar hödürlenilýän bazarlar we sowgatlar satylýan dükanlar täze ýyl önümleriniň bolçulygyny döredýär. Şol ýerlerde 2024-nji ýylyň nyşany bolan ýumşak oýnawaçlaryň, şuňa meňzeş beýleki önümleriň hem-de arça bezegleriniň köp görnüşleri bar.
«Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde baýramçylyk mynasybetli dokma önümleri hödürlenilýär. Ýorgan-düşek toplumlarynyň, süpürgiçleriň, egin-eşikleriň we toý geýimleriniň baýramçylyk mynasybetli arzanladyş boýunça satylýandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar.
Türkmenistanyň süýji-köke öndürýän esasy kärhanalary täze ýyl mynasybetli ýörite özboluşly gaplara gaplanan süýjülikli täze ýyl sowgatlaryny çykardylar.
Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary şunuň ýaly baýramçylyk öwüşginlerini synlamak üçin paýtagtyň söwda-dynç alyş merkezlerine uly höwes bilen barýarlar. Baýramçylyk günlerinde daş-töwerekde ähli zat üýtgeşik ýalpyldyly öwşün atyp, kalbyňa ajaýyp şatlygy bagyş edýär.