Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dokma senagatynyň önümlerine isleg artýar
05.04.2021
Geçen hepdede, 29-njy mart ― 4-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy. Olaryň arasynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri-de bar. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 665 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Şeýle hem, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gyrgyzystanyň wekillerine daşary ýurt walýutasyna bahasy ABŞ-nyň 11 million 485 müň dollaryndan gowrak bolan dürli görnüşli tüýjümek önümleri ýerlenildi.
Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan içerki bazar üçin bahasy 75 million 82 müň manatlykdan gowrak pagta süýümi satyn alyndy.